Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleriň ösmegi we döwrebap bilimdir terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda ähli ugurlardaky ägirt uly özgertmeler, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, giň gerimli işler milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan taýsyz tagallalarynyň hem-de amala aşyrýan tutumly işleriniň datly miwesidir.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyklykda ylym we bilim bermek mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar we okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.