Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

28 Ýanwar 2021
2561

Biziň ýagyş ýagmagynyň yzýany asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli owadan älemgoşary görmedigimiz ýokdur. Ol Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi sebäpli emele gelýär. Has aýdyňlaşdyryp aýdanymyzda, bize sary bolup görünýän Gün şöhlesiniň reňki, aslynda ak bolýar. Şol reňkiň özünde beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjalary ol reňkleri owadan görnüşe getirýär. Ýagny damjalaryň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen, ýedi dürli reňkiň emele gelmegidir. Bu tebigy hadysa kähalatda ümürli howada Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen hem döräp bilýär. Şol ýedi reňk gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we melewşe görnüşindedir. Adatça, onuň reňkleri şu tertipde bolýar. Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňkli älemgoşarlar hem bolýar. Ýagşyň damjalary iri bolsa, älemgoşaryň reňki has dury we olaryň tapawudy açyk görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has gowşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Köplenç, ýarymaý görnüşinde peýda bolýan bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp bilner. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty ikindinara, güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol sebäpli ýedi reňkli älemgoşar irden ýa-da agşama ýakyn peýda bolýar. Bu tebigy hadysa dürli halklaryň edebiýatynda hem orun berlipdir. Şeýle hem, bu barada dürli rowaýatlar döräpdir. Ol Günbatar medeniýetinde umyt we bagtyň nyşany hasaplanypdyr.

Älemgoşar diňe ýagyş ýaganda däl, eýsem suw çüwdürimleri, şaglawuklar ýa-da suwuň akýan islendik ýerinde hem günüň belli bir wagtynda peýda bolup bilýär. Hatda otlar we ösümlikleri pürkmek arkaly suwarylýan wagtynda hem onuň ownujak görnüşiniň döreýändigine şaýat bolýarys.

Babageldi KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.