Döredijilik duşuşygy geçirildi
Şu gün, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler jaýynda «Watan diňe halky bilen Watandyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatda beýik ösüşlerimiziň dowamat dowamy Arkadagly Serdar bilen halkymyzyň ýeten täze sepgitleri, ylym-bilim ulgamynyň şöhratly menzilleri, hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlary döredijilik işgärleriniň ylham çeşmesi, Watanymyzyň ekologiýa abadançylygy pugtalanýar, ýaşlary watançylyk, belent adamkärçilikli, ýokary hünärlilik derejesinde terbiýelemek ýaly çykyşlar öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy-diplomatik işleriň, bedew batly döwletli tutumlarymyzyň şanyna geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewa, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr zenan Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarow, «Watan» gazetiniň baş redaktory Tawus Kakaýewa, Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew, «Edebiýat we sungat»gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow we beýleki myhmanlar özleriniň çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.