Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine parlament diplomatiýasynyň ösüşinde hem aýdyň görmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen barmagy, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugurlary durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmagy hem uly ähmiýete eýedigini görkezdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam berer.