Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

17 Oktýabr 2022
761

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki günlerde gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin bu ýere iş sapary geldi. Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen Gahryman Arkadagymyzy tanyşdyrdylar.

Halk Maslahatynyň başlygy iş saparynyň dowamynda güýzki möwsüminde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmaga görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň taslamalary we täze merkeziň ýollarynyň, meýdançalarynyň, köprüleriň gyralaryna oturdylmagy meýilleşdirilýän germewleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Akmuhamet HEMIDOW,
«Diýar».