Häzirki wagtda sebit derejesinde özara gatnaşygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler, beýik başlangyçlar döwletimiz tarapyndan giňden alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly häzir Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyzda iki günlük resmi sapary dowam edip dur. Bu resmi saparyň esasynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan-da beýläk ösdürilmegine giň mümkinçilikler ýola goýlar.
Şeýle hem 21-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem-de mugallymlary bilen duşuşdy. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Liderine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory diýen at dakyldy. Bu Hormatly alymlyk adyň dakylmagyna bagyşlanyp, uniwersitetde dabara geçirildi. Geçirilen dabara hormatly myhman bilen birlikde, Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyza gelen hökümet agzalary, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary pugtalandyrmak bilen bagly çykyşlar öz beýanyny tapdy.