Sil suwuny sowujy möhüm desga

10 Noýabr 2022
756

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Ägirt uly kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başaran ata babalarymyzyň ýeňil bolmadyk iş usullaryna, tärlerine bu günki gün hem eýerilýändigini döwrebap nusgada gurulýan desgalarda, toplumlarda görmek bolýar. Daş töweregi goramak, umuman, tebigata söýgi, ata Watana bolan söýgüden nyşandyr. Tebigat ýaşlara güýç-kuwwat, ýaşulularymyza hikmet berýär. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak häzirki wagtda ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň esasyny düzýär. Türkmenistan döwletimizde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

«Diýar»