«Sag armyt sapagyndan düşmez» diýen könelerimiz ýaşaýşyň dowam etmegi üçin, ilkinji nobatda, saglygyň zerurdygyny bilipdirler. Şol sebäpdenem dürli usullar arkaly dörejek keselleriň, näsazlyklaryň öňüni almagy başarypdyrlar. Il içinde Lukman Hekim ady bilen tanalýan, ömrüniň köp bölegini dürli kesellere garşy däri-derman ýasamaga bagyşlan Abu aly Ibn Sina hem öz traktatlarynda adam saglygyny goramaga degişli birnäçe gymmatly maglumatlary bize miras galdyrypdyr.
Häzirki zamanyň gözi bilen seredeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýetişýän dermanlyk ösümlikleriniň müňlerçe görnüşi, olaryň saglyga peýdasy barada tapylgysyz maglumatlary berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň özi hem adam bedenini taplamaga, näsazlyklaryň öňüni almaga we ömri uzaltmaga ýeterlikdir.