Şu gün, 28-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan 500 sany hünärmen gatnaşdy. Bu ýerde alnyp barlan okuw sapagynda oba hojalyk işleri, bagçylyk, miweli baglardan üzümiň ýetişdirilişi, onuň dürli sortlary, üzümiň peýdasy, baglara ideg etmek barada giňişleýin söhbet edildi.
Sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary guramaçylykly geçen bu okuw sapagyny Türkmen oba hojalyk institutynyň ekerançylyk-ylmy önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Myrat Paşşykow alyp bardy.