Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty – umumyadamzat mirasy» atly halkara maslahaty gibrid we onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bu maslahatyň dowamynda türkmen alym zenanlary bilen birlikde Özbegistan, Gazagystan, Gyzgyzystan, Täjigistan ýaly goňşy ýurtlardan keşdeçilik sungatyna ömrüni bagş eden alym zenanlar çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda keşdeçilik sungatynyň orta asyrlara degişli bolan edebi çeşmelere, şol döwürlerde Merkezi Aziýa syýahat eden rus we ýewropaly jahankeşdeleriň, täjirleriň, ilçileriň, harbylaryň taryhy maglumatlaryna salgylanylmagy bu sungatyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň buýsanjy, abraý-mertebesidiginiň ýene bir gezek subut etdi.