Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu Maksatnamada uly orun berlendir. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleri öz asylly maksatly işlerini has-da netijeli alyp barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehiniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanýan, ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlaýan döwrebap ýokary okuw mekdebi bolup, onuň umumy tutýan meýdany 25 gektara barabardyr. Ak mermerli institutyň okuw binalary we ýanaşyk jaýlary Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýär. Olaryň hemmesinde binagärlik we inženerçilik desgalaryň kommunikasiýalarynyň sazlaşykly we takyk işlemegi üçin zerur enjamlar hem-de gözegçilik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tehniki toplum göz öňünde tutulandyr.