Maş­ga­la söh­be­ti

5 Dekabr 2022
1360

Maşgalanyň özi bir kiçijek döwletdir. Ine, şol kiçijek döwlet barada biziň ýurdumyzda döwlet derejesinde has ýakyndan, dynuwsyz alada edilýändigini her birimiz duýýandyrys. Ol alada ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada syrygyp gidýär. Şu ýerde şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekendigini hoşallyk bilen ýatlamalydyrys. Bu Kanun boýdan-başa ýaşlar hakynda döwletiň edýän aladasynyň beýanydyr. Ýaşlar bolsa maşgalada kemala gelip, soňra özleri-de maşgala döredýär. Şonda olar ilkinji terbiýäni, görüm-göreldäni maşgalada alyp, ata-baba däp-dessurlary-da maşgalada öwrenýärler. Şonuň üçin ýaşlar hakyndaky alada gönüden-göni maşgala ýagny ADAM hakyndaky aladadyr. Ýaşlar hakyndaky Kanun «ýaşlar» diýen düşünjede 35 ýaşa çenli bolan raýatlary göz öňünde tutýandygyny gepiň gerdeşine görä, belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň bu Kanunynda ýaşlara terbiýe bermek meselesine uly ähmiýet berilýär. Oňa ýörite bir bap bagyşlanypdyr. Kanunyň III baby «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» diýlip atlandyrylýar hem onda ýaşlara terbiýe bermegiň ugurlary görkezilýär. Has anyk aýtsak, bu mesele Kanunyň 7 – 9-njy maddalarynda öz beýanyny tapdy. Kanunda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş-watançylyk, taryhy-watançylyk we sport-watançylyk terbiýesi ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň düzümi (gurluşy) hökmünde kesgitlenen bolsa, jemi on dört ugur ýaşlaryň watançylyk terbiýesi baradaky işiň esasy ugurlary hökmünde öňe çykaryldy.

Akmuhammet HEMIDOW,
«Diýar».