Sport — ruhubelentlige badalga, sport — bagta ýaran bolmagyň salgysy. Sporta ömrüni baglan ynsanlaryň maksatlary asylly, arzuwlary wysally bolýar. Hut şonuň üçinem biziň ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan sport taglymaty Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde türkmen sporty belent badalgaly ösüşlere ýaran bolýar. Türkmen sportuny gerimli ösdürmek baradaky belent başlangyçlara päkize zähmeti bilen jogap berýän sport ojaklarynyň biri-de, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» sport mekdebidir. Biz golaýda bu mekdepde geljekde ýurdumyzyň abraýyny gorajak türgenleriň taýýarlanylyşy we alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, «Olimp» sport mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Güýçgeldi Hajymyradow bilen söhbetdeş bolduk. Žurnalyň şu sanynda şol söhbetdeşligi okyjylaryň dykgatyna ýetirmekligi müwessa bildik:
—Güýçgeldi, ýaş türgenler ýurduň sport ulgamynyň geljekki şöhratynyň kepilidir. Türgenleriň taýýarlykly bolmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» sport mekdebi neneňsi işleri alyp barýar?