Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz hem sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Elbetde, biziň taryhymyza bezeg berýän, durmuşymyzyň her bir pursatyny janlandyrýan zat sungat eserlerimizdir. Onuň islendik ugry özüniň özboluşly aýratynlygy, täsinligi bilen göreni özüne bendi edýär. Şekillendiriş sungatynda hem halkymyzyň taryhy, medeni gymmatlyklary, döwrümiziň beýik ösüşleri halypa suratkeşleriň işlerinde öz beýanyny tapýar. Şeýle ussatlaryň biri-de suratkeş Gurbangeldi Gurbanowdyr.
Döretmek, megerem, tebigatyň adama eçilen iň täsin gymmatlyklarynyň biridir. Döretmäge bolan islegler gözel närseleri, islendik hadysany kalby bilen kabul edýän dörediji adamy hemişe gozgalaňa salyp durýar. Ussat suratkeş hem döredýän her bir eserine ýüregini berip işleýänleriň biri. Kämillige gol beren suratkeş özüniň döredijilik tärleriniň täsinligi we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu gün ony at-abraýyň hem kämilligiň menziline ýetiren sebäp-waka heniz oglan wagty bolupdy. Suratkeş başda artist bolmagy arzuw edipdir. Ýöne ol ýetginjek wagty aram-aram muzeýe hem aýlanyp görerdi. Suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp eserlerini synlardy. Dürli reňkleriň sazlaşygy bilen döredilen geň-enaýy eserler onda täsir galdyrýar. Şondan soň ol suratkeş bolmagyň arzuwynda bolýar. Ol orta mekdepde okaýan döwründe diwar gazetlerinde çekýän suratlary bilen deň-duşlaryndan tapawutlanyp ugraýar. Eýýäm şol döwürde ol hereketlerden doly suratlary çekmegi gowy görüpdir. Tebigatdan ylahy zehini bolan ýetginjegiň ukypdyr başarnygy öz-özünden açylyp gidiberýär. Şeýlelikde, ol 1970-nji ýylda Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebini tamamlaýar. Ine, sungata sary ýol şondan başlanýar.