Iý­seň hö­rek, hem­mä ge­rek

3 Dekabr 2022
1098

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, jö­wen eki­ni müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­läp­dir. Ga­dy­my­ýet­den bä­ri ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän bu ekin ata-ba­ba­lar­myzdan galan mi­rasdyr. Ta­ry­hy çeş­me­le­re sal­gy­lan­saň, jö­wen eki­ni di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl-de, goň­şy ýurt­la­ryň çäk­le­rin­de-de ekilipdir. Ak bug­da­ýyň me­ka­ny Türk­me­nis­tan bol­şy ýa­ly, goň­rak baş ak jö­we­niň mekany-da eziz Watanymyzdyr.

Mil­li mi­ras hök­mün­de gel­ýän jö­wen eki­ni­ni ge­çen asy­ryň 60-njy ýyl­la­ry­na çen­li oba adam­la­ry köp­çü­lik­le­ýin mel­lek ýer­le­ri­ne ekip, dä­ne­si­ni iý­mit hö­kmü­n­de peý­da­la­nypdyrlar. Le­bap we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň otu­rym­ly ila­ty hatda öz mel­lek ýer­le­ri­ne jö­wen ekip, on­dan ýo­ka­ry ha­syl al­ma­gy ba­şa­ryp­dyr­lar. Jö­wen eki­ni­niň şeý­le köp ekil­me­gi­niň se­bä­bi iý­mit­li­li­gi, ýo­ka­ry ha­syl ber­ýändi­gi we ondan köp­dür­li dat­ly iý­mit­le­ri taý­ýar­lap bol­ýan­dy­gyndadyr.

Aga­gel­di ÇA­RY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň halk mu­gal­ly­my.