Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekdäki we pugtalandyrmakdaky tagallalaryň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. «Kuksaroý» köşgünde geçirilen iň ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary bar bolan ägirt uly kuwwaty has doly derejede peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň many-mazmunynyň we ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna, ylalaşykly strategiýa hem-de hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, olaryň, ilkinji nobatda, iki halkyň we döwletiň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelmelidigine ynam bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy baradaky meselä deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşy möhüm waka bolar. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň, ozal hem bolşy ýaly, Türkmenistanda giň döwlet goldawyna eýe boljakdygyny aýtdy.