Häzirki wagtda ýurdumyzda guralýan halkara sergiler, önümçilik pudagyna degişli halkara ylmy maslahatlar söwda we senagat işiniň kämil ýola goýulmagyna, ylaýta-da, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öndürýän senagat we gurluşyk önümleriniň ýokary hilli bolmagyna, döwrebap tejribelere daýanýan bähbitli hyzmatdaşlygyň artmagyna, ikitaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Şeýle çäreleriň biri hem 6 -njy awgustda guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy—2022» atly halkara sergisidir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan bu sergide Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri giňden açylyp görkezildi. Bu bolsa geljekki bähbitli hyzmatdaşlygyň, iň täze işläp taýýarlamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Sergä gatnaşan ähli myhmanlara «Mert gurluşyk» hojalyk jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Saýaly menzil» hojalyk jemgyýeti, «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýeti, «Takyk tilsimatlar» hojalyk jemgyýeti, «Milli hasyl» hojalyk jemgyýeti, «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti, «Senagat Plastik» hojalyk jemgyýeti, «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy, «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy, «Kat–Türkmen» hususy kärhanasy, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy, «Myradym» hususy kärhanasy, «Ak Tab» hususy kärhanasy, «Çemenli ýaýla» hususy kärhanasy, «Bäş daş» hususy kärhanasy, «Nebitmaş» Döwlet kärhanasy, KSB Group, «Fawad Saddiqi» kompaniýasy, «TIS» teknolojik Izolatör Sistemleri, GAPINŞAAT ýaly dürli ýerli we daşary ýurt edara-kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri tarapyndan öndürilen ýokary hilli önümler, maketler, taslamalar, tanyşdyrylyş wideo we audio ýazgylary (prezentasiýalar) görkezildi.