Aksona Saparmedowanyň çeken suratlary.
Asman gümmezini ýaňy dogup gelýän Günüň nury ýagtyldyp barýardy. Gözýetimiň bu täsin keşbinde jadylaýjy bir gudrat bar ýaly. Bütin barlyk Güneşiň tylla şöhlesine çoýunyp, jadylanan ýalydy. Bu gudratyň gözelligine maýyl gyzjagaz öýleriniň howlusyndaky bag-bakjalygyň gyrasynda ýerleşdirilen agaçdan ýonulup ýasalan kürsüde oturşyna bu barlygyň owazly simfoniýasyna diň salýardy. Çaga kalbyny heýjana salýan duýgulara berlip, täsin tebigatyň döreden ajaýyp peýzažyna haýran galyp bakýardy. Göýä diýersiň, bagynda gyzaryşyp duran almalary, atyzlardan jyklaşyp oturan gawunlardyr garpyzlary bu nurly şöhleleriň ýylysyna çoýunyp oturana meňzedýärdi. Bir ädim aňyrsynda gunçalap oturan bägül çemenleri hem guşjagazlaryň owazyna başlaryny yraşyp, tans oýnaýana çalymdaşdy. Tebigatyň jadylaýjy gudraty, kalbyňy joşduryjy ylham çeşmesi bolan töweregiň gözelligi, Aksonany günsaýyn goýnuna sary alyp gidýärdi. Gyzjagaz her gün ir säher ukudan oýanan dessine içi galamdyr kagyzly kinniwanja torbajygyny göterip barar-da, jaýlaşykly oturyp bir zatlar çyzyşdyrar. Ýöne näme üçindir her näçe synanyşsa-da gyzjagazyň çeken suratlary janly pursatdaky ýaly görünmeýärdi. Çyzar, pozar, soň ýene çyzar, garasaý, göwnündäki ýaly boluberenokdy.