Umumadamzat gymmatlyklaryna ummasyz goşant goşan türkmen halky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly taryhyna buýsanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň iňňän baý we eýýamlara ýaň salan şöhratly taryhyny ilik-düwme öwrenmek, doly açyp görkezmek hem-de dünýä ýaýmak babatynda alnyp barylýan tutumly işler özüniň giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, taraşlap, kämilleşdirip gelen medeni mirasyny aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler täze taryhy eýýamda çuň many-mazmun bilen baýlaşýar. Çünki geçmişden häzirki döwrümize gelip ýeten mirasymyz türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy terbiýeleýän gymmatlygydyr. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil ahlak sypatlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän ähmiýetlidir.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli mirasyndan, halk döredijiliginden gözbaş alýan ahlak kadalary ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy ähmiýetli çykyşlarynda medeni gymmatlyklarymyzy hem-de milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, ýaş nesli şol gymmatlyklarymyzyň esasynda milli ruhda terbiýelemek hakda aýratyn nygtaýar. Halkymyzyň terbiýe mekdebi juda berk tertip-düzgüne, kada eýedir. Maşgalada ene-atanyň berýän öwüt-ündewi, pent-nesihaty ummasyz uly genji-hazynadyr. Şunuň özem biziň abadan maşgalamyzdaky, ösen jemgyýetdäki mynasyp ornumyzy kesgitleýär.