San­ly Türk­me­nis­tan — aý­dyň gel­jek

31 Maý 2022
1201

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, bütin dünýäde bolşy ýaly, «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi özüne mynasyp orun aldy. Ol maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýola goýuldy we olar üstünlikli amal edilýär. Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» daýanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna düşünmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolan bu resminama ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri esasy ugurlary beýan edilip, ony 3 tapgyrda durmuşa geçirmek bellenilýär. Milli ösüşiň meýilnamasyna giren sanlylaşdyrmak syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek maksatlaryny öz içine alýar.

Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipe goýdy. Elbetde, sepgide ýetmek üçin degişli hukuk binýady zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmegiň çäklerinde onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Kanunda elektron resminama dolanyşygy, elektron söwda, kommunikasiýa aragatnaşyk torlary, elektron amallar we olardan peýdalanmagyň kadalary barada düşünjeler berilýär.

Täzegül TAGANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň magistranty.