San­ly ul­gam — döw­rüň ta­la­by

1 Aprel 2022
1752

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion we şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler orta çykýar. Bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Şeýle hem zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda döwlet statistika ulgamlaryny özgertmek, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi.

Mekan GAHRYMANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.