Bäş müň ýyllyk taryhyna buýsanýan halkymyzyň milli medeni gymmatlyklaryny halkara giňişligine çykarmak, şonuň bilen birlikde ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Häzirki döwürde türkmen halkynyň baý taryhynyň, milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegine aýratyn üns berilýär. Milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek döwletimizde esasy wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda halkymyzyň saz sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda ylmy gatnaşyklary ösdürmek, iri daşary ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm taryhy waka boldy.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň esas goýujy halkara hukuk resminamalarynyň aglabasyna goşulmak bilen, olary resmi taýdan ykrar etdi. Ýurdumyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk esaslarynyň berkidilmegine, dünýäniň halkara ylmy we medeni-ynsanperwer giňişligine işjeň goşulmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki birnäçe maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýar. Watanymyzyň çäginde halkymyzyň geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň we medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň hataryna girizildi.