Suw dam­ja­sy — al­tyn dä­ne­si

31 Mart 2022
1527

Suw ynsanyň durmuşynda diňe bir ýaşaýşyň gözbaşy bolman, eýsem, ol ýaşaýyş diýen düşünjäniň gös-göni özi bolup durýar. Suw bilen bagly şeýle dünýägaraýyşda ýaşaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda suwlar diýlende, Türkmenistanyň suw gaznasynyň düzümine girýän ýerüsti we ýerasty suw çeşmeleri, derýalar, köller, akabalar, suw howdanlary we beýleki suwly ýerler göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň türkmen bölegi hem şu suw gaznasyna degişlidir. Suwlar ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawyny emele getirýär, senagat we oba hojalyk önümçiliginde, dynç alyş we şypahana üçin zerur şert bolup çykyş edýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen ýerasty baýlyklara, suwlara, tokaýlara, ösümlik we haýwanat dünýäsine, uglewodorod serişdelerine diňe Türkmenistan döwletiniň eýeçilik hukugynyň bellenilýändigi göz öňünde tutuldy. Suwlara bolan döwlet eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Suw hakynda Kodeksinden, Raýat Kodeksinden, Eýeçilik hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyndan we beýleki kanunçylyk namalaryndan gelip çykýar. Suwa bolan döwlet eýeçilik hukugy adamlaryň zähmetini, dynç alşyny, ýaşaýşyny we saglygyny goramak üçin degişli mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär. Türkmenistanda goňşy döwletler bilen bilelikde ulanylýan suw baýlyklary, ýagny araçäk suwlar hem bar. Muňa Amyderýanyň suwuny mysal getirse bolar. Araçäk suwlary ulanmak bilen baglanyşykly meseleler döwletleriň arasyndaky ylalaşyklar arkaly kadalaşdyrylýar.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty