Yn­san kal­by­na ýag­şy­lyk şug­la­sy­ny çaý­ýan Py­ra­gy

1 Aprel 2022
1718

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gürrüň edilende, ussat ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Kitap» hekaýasyndaky Welmyrat aga biziň köpümiziň ýadymyza düşýän bolsa gerek. «Nan atly, il pyýada» diýilýän gowgaly döwürde bar mydary, gözüni dikip duran ýeke guba düýesini beýik dananyň kitabyna çalşan bu sähraýy ýaşuly türkmeniň Magtymgula bolan ylahy söýgüsiniň, hormat-sarpasynyň düýpsüz ummandygyny sadadan beýiklik bilen Aý dogan ýaly aýdyň, äşgär etdi. 

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir» diýip belleýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik ýörelgesini ölmez-ýitmez şygyrlary arkaly bütin ömründe watandaşlaryna wagyz eden, «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar. Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen dürdäne setirleri döreden akyldaryň Berkarar döwletimiziň rowaçlanjakdygyna mundan birnäçe asyr öň welilik bilen akyl ýetirendigi has-da guwandyryjydyr.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumy otra bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep internatynyň direktory.