Baý­da­gyň be­lent­dir dün­ýäň öňün­de

25 Dekabr 2021
2647

Dünýäde ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly senesiniň BMG-niň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi ata-babalarymyzyň parahat söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrar edilmegidir. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň çuňňur manysyny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkara Bitaraplyk gününi halkymyz uly ruhubelentlik bilen dabaraly belleýär. Bu baýramyň şanyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda baýramçylyk çykyşlary we dabaralary guralýar».

Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berlenden soň, döwletimiziň Baýdagynda zeýtun baldajyklary ýerleşdirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesini ýurdumyzyň döwlet nyşanynda beýan etmäge hökmanylygy döretdi. Şonuň üçin 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» hakyndaky Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Güljeren ALTYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.