Sungatym bar, hormatym bar

25 Dekabr 2021
1114

Milli medeniýetimiziň hak howandary hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň medeni durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeleri synlanyňda döwletimiziň ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýandygyny görmek bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri dabaralandyrmak, bütin dünýä wagyz etmek bolsa, medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň paýyna düşýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň dabaraly bellenip geçilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Aýdym-sazyň mekany hasaplanýan gadymy Daşoguz topragynda milli medeniýetimiziň ýeten derejesiniň aýdyň beýanyna öwrülen medeni köpçülikleýin çäreleriň ençemesi geçirildi. Bu medeni-jemgyýetçilik çäreleri halkymyzyň ruhy taýdan galkynmasynyň, bagtyýar raýatlarymyzy zähmet üstünliklerine iterýän ruhy joşgunyň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýandygy medeniýet edaralarynyň işinde-de aýdyň duýulýar. Şu ýylyň özünde Daşoguz, Mary we Balkan welaýat kitaphanalarynyň arasynda «Älem jisimlerini öwrenýäris» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat Bitarap döwletimiziň medeni-ynsanperwer ulgamda işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gülaýym GELDIÝEWA,
Daşoguz welaýat Halk döredijilik we usulyýet merkeziniň birinji derejeli usulyýetçisi.