Gözelligiň ajaýyp nusgasy

31 Mart 2022
1049

Dünýä ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýän ýurdumyz adamzadyň ählumumy gymmatlyklaryna, her bir halkyň mertebesine hormat goýulmagyna esaslanan gatnaşyklary ösdürmek hem berkitmek, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn, özboluşly ugrunyň çuňňur ynsanperwerlik däpleri esasynda öňe ilerledilmegi ugrunda uly tagallalar edýär.

Medeniýetimizi, sungatymyzy gaýtadan dikeltmek, ösdürmek barada düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan medeni-ruhy däpleri häzirki ösüşlerimiziň esasy hökmünde täze mazmuna eýedir. Diýarymyzda medeniýeti ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga, türkmen taryhyny, şol sanda milli medeniýetiň taryhyny ylmy taýdan öwrenmäge, dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet hem-de medeni gatnaşyklar ähli döwürlerde halklary ýakynlaşdyrmaga, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam beriji köpri bolup hyzmat edipdir. Olaryň hemmesi häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegine öwrülmegine getirdi.

Kadyr AMANDURDYÝEW,
Syýasy ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär.