Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän düýpli ösüşler ylmy, medeni mirasa bolan garaýyşlary hem öz içine alýar. «Ylmy, medeni miras» ýaly düşünjeler giň düşünjedir, ol halkymyzyň taryhyny, akyl-aňynyň ösüş ýollaryny, diliniň, edebiýatynyň taryhyny, döreýiş aýratynlyklaryny, sözüň giň manysyndaky medeniýetini öz içine alýar. Şu günki günde halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna has düýpli, milli ülňüler bilen seretmek, ylmy taýdan öwrenmek üçin oňa halkymyzyň taryhy döwürleri bilen aýrylmaz baglanyşykda çemeleşmek babatda edilýän talaplar döwrebap häsiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle ýazýar: «Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan medeni-ruhy gymmatlyklary, binagärlik we arheologik ýadygärlikleri, geçmişiň köp taraplaryny özünde jemleýän medeni-taryhy mirasy ylmy jähtden öwrenmek, gorap saklamak, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek döwletimiziň ylmy syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir». Hakykatdan-da, berkarar, bagtyýar, parahat hem asuda döwrümizde halkymyzyň taryhy geçmişini, ähli medeni gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça ägirt uly tagallalar edilýär we bu babatda biziň günlerimizde gazanylan hem gazanylýan üstünlikler örän guwandyryjydyr.
Türkmen halkynyň syýasy-etniki ylmynyň we edebiýatynyň taryhynyň iňňän gadymydygy hem-de özboluşlydygy şübhesizdir. Şol gadymylyk hem halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda beýik şahsyýetleriň ençemesini taryh meýdanyna çykardy. Şunlukda, dünýä halklarynyň ençemesi bilen bir hatarda biziň «orta asyrlar» diýip atlandyrýan döwrümiziň ähmiýeti örän uly boldy. Dünýä medeni ösüşini üpjün eden halklaryň hatarynda gadymky oguzlaryň –– türkmenleriň hem medeni-ylmy ösüşiň esasy ojaklarynyň birini kemala getirişleri, taryhyň hut şu döwründe bolup geçipdir.