Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 192 döwletiň we birnäçe halkara guramalaryň gatnaşmagynda 182 gün dowam etjek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň işe başlamagy köňüllere ruhubelentlik çaýdy. Onuň sebäbi ýokary derejede guralan bu sergidäki Türkmenistanyň pawilýony hemmeleriň ünsüni çekjek derejede owadan hem gelşikli edilip bejerilipdir. Pawilýonyň öňünde türkmeniň ahalteke bedewiniň bäşisiniň heýkeli oturdylan bolsa, onuň girelge tarapyndaky diwarynda bolsa häzirki zaman usulynda bedewiň kellesi şekillendirilipdir. Pawilýonyň tutuş çep gapdalyny bolsa äpet türkmen halysynyň suraty bezeýär. Ýeri gelende aýtsak, onuň sag diwarynda şekillendirilen suratlaryň düşeginde hem türkmen halysy şekillendirilipdir. Onuň bolsa sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretjekdiginiň ujy iki däl. Şol bir wagtda hem türkmen halysynyň äpet suratlary bu pawilýonyň haýsy ýurda degişlidigini mälim edip dur. Çünki bu gün türkmen halysy hem bedewi bilen Ýer ýüzünde meşhurdyr.
Bu waka, bu görnüş seni türkmen halylary hakyndaky oýlara atarýar. Dessine-de türkmeniň halyda doglup, halyda ömür sürýändigi hakyndaky pikirler sere dolýar...