Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzyň, il-günümiziň öňünde şöhratly hyzmatlary bitiren milli gahrymanlarymyzy, edermen gerçeklerimizi hatyralamak halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly däpleriniň biridir. Parasatly mugallym we edermen esger, öz topragynyň watançysy Berdimuhamet Annaýewiň manyly durmuş we zähmet ýoly, hususan-da, ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, maksada okgunlylygyň, belent jogapkärçiligiň, borja wepalylygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Berdimuhamet aganyň şahsyýetiniň ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde ajaýyp nusgadygyny bellemek buýsandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň: «Watana söýgi iň beýik söýgüdir» diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, bu mukaddeslige togap-tagzym duýgusy şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň on iki süňňüne, ganyna siňendir. Hut şonuň üçin hem türkmen derkar bolsa Watan üçin baş goýmagy özüne belent mertebe saýýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly jümleler bilen nygtaýşy ýaly: «Watan — başymyzyň täjidir», «Watan—biziň buýsanjymyzdyr».