Be­re­ket bol­çu­ly­gy ug­run­da

2 Dekabr 2021
1643

Halkymyz topragy mukaddes hasaplaýar. Ata-babalarymyzyň maňlaý deri garylan, aýak yzlary galan, ene-mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynyň ykbaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Oba hojalygyny ösdürmek, obalary galkyndyrmak meselesine aýratyn uly üns berilmegi we bu ugurdan anyk hem aýdyň çözgütleriň kabul edilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu gün halal zahmetiniň miwesini iň uly baýlyk-bereket diýip bilýän türkmen daýhany rysgal-berekediň, bolçulygyň, ýerden bol hasyl almagyň lezzetini görýär.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak oba hojalygyny düýpli ösdürmek barada kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan, ýerli we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmagy, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmegi talap edýär. Agrosenagat ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen babadaýhanlarymyzyň maňlaý deri utgaşanda türkmen topragy özüniň miwesini eçilýär.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.