Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen, Türkmenistanda täze bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny döretmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp başlandy. Garaşsyz maliýe we karz syýasatyny alyp barmaga esas döreden milli manadyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanyň geljekki ykdysady özgertmeleriniň wajyp şerti boldy. Şeýle hem eýeçilik, telekeçiligiň ösüşi, ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan ykdysady kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Beýleki çäreler bilen bir hatarda, bu işler ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýurduň tebigy hem-de ykdysady mümkinçiligini ýeterlik derejede ulanmaga giň ýol açdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň söwda senagat işi «Daşary ykdysady iş hakynda», «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda», «Söwda işi hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda», Türkmenistanyň kanunlary, Salgyt kodeksi, Gümrük Kodeksi, Sanitariýa Kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalar bilen kadalaşdyrylýar.