Ähli üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda amala aşyrýan giň gerimli ägirt uly işleri we döredýän şertleri ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we olary köpeltmek, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň derejesine göterildi» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasynyň diňe bir Diýarymyzy däl, eýsem, sebiti durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge, ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Elbetde, bu ynsanperwer ýörelgeler bolsa innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplere daýanýandygy bilen häsiýetlenýär. Bu babatda ýurdumyzyň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribelere eýedigi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýaýbaňlanýan çäreler diňe bir sport däl-de, eýsem, ekologiýa taslamalaryny we maksatlaryny goldamak üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň dünýä nusgalykdygyna güwä geçdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy taýdan kämilleşmäge ymtylyşyny goldamaga we ýokarlandyrmaga ýardam etmek bilen, aýratyn hem, daşky gurşawa oňaýly täsir edip, ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda, «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly 3-nji Bütindünýä maslahatynda, 7-nji Bütindünýä suw forumynda we beýleki uly halkara maslahatlarynda öňe süren dünýä ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ýurdumyzyň global ekologiýa meselelerini çözmäge örän çynlakaý çemeleşýändigine güwä geçýär. Bitarap döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklap, bu ugurda halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzda hem-de sebit derejesinde ekologiýa degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy üstünlikli amala aşyrylýar. Tebigaty goramak boýunça yzygiderli kabul edilýän kanunlar döwlet ekologiýa syýasatyny has-da ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzyň tebigy mirasyny geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam edýär.