Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri hem halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýar. Milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine, halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ykdysadyýet, durmuş, daşky gurşawy goramak, ylym, bilim, medeni we beýleki ugurlarda umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, uzak möhletli maksatnamalarydyr taslamalary işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasy ugry bütin dünýäde parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýan gönükdirilendir. Türkmenistan bilen dünýäniň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap nusgalaryny dikeltmek, ulag-üstaşyr gatnawlarynyň ýola goýulmagyny, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen söwda, ykdysady, ylym-bilim we beýleki ugurlarda dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler halkymyzyň şonuň üçin umumadamzadyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.