Jana şypaly, salkyn howaly «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň abraýyny halkara derejelerde has-da belende göteren ýatdan çykmajak taryhy waka bolup geçdi. Has takygy, 6-njy awgustda bu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlyk etdi. «Awaza» Kongresler merkezinde guralan ýokary derejedäki foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žabarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagylar gatnaşdylar.
Bu forum Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek baradaky syýasatynyň, dost-doganlygyň dabaralanmasy boldy. Sebäbi geçirilen bu ýokary derejedäki duşuşykda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan ugur alnyp, sebitde döwrüň öňe çykaran parahatçylygy üpjün etmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.