Saz — ýürekleri birleşdirýän jady. Sazyň bar ýerinde dost-doganlyk-da, mähribanlyk-da bardyr. Gadymy we baky juwan medeniýetimiziň hak howandary milli Liderimiziň: «Ata Watanymyz Türkmenistanda aýdym-saza, sungatyň gudratly güýjüne uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň, çuň özgertmeleriň çeper many-mazmuny aýdym-sazyň, sungatyň şirin owazy bilen halka ýetirilýär, şeýle hem Ýer ýüzüne wagyz edilýär» diýen jümlelerinden ugur alyp, bu gezek sülük barmaklarynyň arasyndan ýaňlanýan ajaýyp owazlary bilen maýyl eden, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara dutar hünärinden bilim berýän uly mugallym Laçyn Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş bolmagy müwessa beldik
— «Iki kiriş, on üç perde, gaýgy-gamy goýmaz serde». Haçan-da, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda, ilkinji bolup, gulagyňda dutaryň owazy ýaňlanýar. Şeýle dälmi, Laçyn mugallym?