Bakylygyň beýany (oçerk)

22 Noýabr 2021
1253

Oramat ussanyň ýasan gazma dutarlary uly iliň toý-tomgusynda bagşylaryň elinden düşmändi. Olardan çykýan hoş owazlar köplere özbaşyňa dutar edinäýmeli diýdiripdi. Abdymuhammediň hem gözüni açyp göreni kakasynyň süňňüne agaç ysy siňen ussahanasydy. Dutar ýasamak her kese başardaýanok. Sabyr-kanagaty, ilgezikligi bir ýere jemläp, bar pikiriňi eliňdäki teşedir törpä gönükdirmegi başarmasaň, eýgerdibermez. Ine, şol häsiýetler oglanyň çagalykdan süňňi bekemänkä aňyna ornapdy. Şeýdibem ol kakasynyň ýasan dutarlaryny dürli keşpleriň üsti bilen baýlaşdyryp, müdimilik heýkele öwrüpdi. Asyl onuň hä diýmän başyny tutup, döreden işlerinde milli äheňleriň öwşün atmasy oglanlykdan kalbyna siňen milli saz guralymyzdan gözbaş alyp gaýdýan bolsa nätjek?!

Oramat agalaryň nesil daragtyna ýüzlenseň, özüniň dutar ussasy, ogullaryndan Abdymuhammediň ediljek jan giren ýaly heýkelleri ýasaýan ussa, agtygy Döwranyň bolsa şaý-sep ýasaýan ussa-zergär bolmagy ussaçylyk kesbiniň bu maşgalanyň emer-damaryna siňendigine sözsüz şaýatdyr.

Aý­na­bat NA­ZA­RO­WA,
«Di­ýar».