«Bilmeýän bolsaň, bilmeýänligiňi-de bilmeýän bolsaň, onda sen bilmeýänligiňi bilmek islemeýänlerdensiň!» Gysgadan manyly jümleler halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, iki gezek hyrka geýen we il içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sahyd (Seýid) Mähneýä degişlidir. Göräýmäge, çylşyrymly görünýän bu logiki jümläni gaýta-gaýta okanyňdan soň, onuň manysyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Mäne baba ony ylymda yzagalak, ýalta, ylymsyz adamlara ýüzlenip aýdypdyr. Olary ylym dünýäsine aralaşmaga çagyrypdyr.
Paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir. onuň kakasy Abul Haýyr Gaznalylar imperiýasynyň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň ýakyn dostlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol patyşa hazynasynyň hasabyna ýörite bellenilen ýokary aýlygy alypdyr. Sebäbi Abul Haýyr Mahmyt Gaznalynyň özüni, maşgalasyny, köşk emeldarlarynyň ählisini müşk-anbar we däri-derman bilen üpjün edipdir.