«Aş­ga­bat-si­ti» iňňän döwrebap şäher düzümi

24 Iýun 2021
1881

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan taryhy wakalar Bitarap döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyksöýüji, zähmetsöýer halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň aýdyň ýüze çykmasy bolup, Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine ajaýyp öwüşgin çaýýar. 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we onuň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we ýurdumyzyň milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki, ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň iki ýüzden gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde etrap häkimligidir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köpsanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumy orta bilim berýän dört sany mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Şeýle hem bu ýerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde 107 müňden gowrak ilata niýetlenilen, kaşaň 12–35 gatly, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

«Diýar».