Ýu­nus Em­re we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: umumylyk, bitewülik, arabaglanyşyk

23 Iýun 2021
1721

Taryhy çeşmelere ser salsak, türki halklar ýaly geografik taýdan köp ýerlere ýaýran, bitewülik üçin uly tagallalar eden halky tapmak örän kyn. Bu tagallalaryň aglaba böleginiň türkmenlere degişlidigi welin, gümansyz hakykatdyr.

Bu pikirimizi edebiýata, sungata syrykdyrsak, şeýle tagallalara öz sözi hem-de çuň pelsepä ýugrulan döredijiligi bilen bütin dünýä edebiýatyna uly goşant goşan, XIII — XIV asyrlarda Anadoly (Türkiýe) topragynda ýaşap, türkmen dilinde, şeýle-de, türkmen ruhunda şygyr ýazan Ýunus Emrä aýratyn orun degişlidir. Türki dünýäsiniň welisi, aşyk-ozany, pelsepeçisi Ýunus Emräniň halkyň hakydasynda ebedilik galyp, ýatdan aýdylyp gelnen döredijiligi uly mekdep bolup, özünden soňky türkmen şahyrlaryna ýiti täsirini ýetiripdir.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň dalaşgäri.