Tugrasy agzybirlikden, syýasaty adalatdan, tugy ruhubelentlikden bolan döwletiň binýady mizemez bolýar. Berkarar döwletli bolmak şöhratly ata-babalarymyzyň arzuwlan menzilidir. Bu barada oýlananyňda, Watan azatlygy, türkmen iliniň berkararlygy, erkinligi üçin taryhda yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Baýram han, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýaly unudylmaz şahsyýetleri ýatlamak lazymdyr. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy