Watandyr mukaddeslikler başy («Garaşsyzlygyň miweleri» atly makalalar toplumyndan)

26 Maý 2021
1229

Her halkyň öz milli aýratynlyklarynyň bolşy ýaly, türkmenleriň hem özboluşly milli gymmatlyklaryň ençemesi özüni görkezýär. Şolaryň başynda bolsa mukaddeslikleri sarpalamak, ezizlemek ýaly borç durandyr. Şol borç türkmen halkynyň ganynda nesilme-nesil ýaşamagyny dowam etdirýär. Ata-eneler nesillere mukaddesliklere sarpa goýmagy çaga gepe düşünip başlan döwründen öwretmäge girişýärler. Çünki biziň halkymyz «çagany başdan...» akyl-sowat «suwy» bilen besleýär. Bir danadan dünýä inen çaga haçan terbiýe berip başlamalydygy barada soralanda, dananyň: «Eýýäm gijä galypsyňyz. Çaga ene göwresindekä terbiýelenip başlanmaly» diýip, jogap berendigi hakyndaky rowaýaty döreden halk çaga terbiýesine gaty çynlakaý çemeleşýär. Şol çynlakaý çemeleşmäniň esasynda bolsa mukaddeslikleri sarpalamak ýatandyr. Biziň halkymyz Watany ähli mukaddeslikleriň serweri hasaplaýar. Çünki ähli mukaddeslikler öz gözbaşyny Watandan alyp gaýdýar.

Şonuň üçin dilden-dile geçip, asyrlaryň dowamynda ýaşap gelýän halk döredijiliginiň ähli žanrlarynda Watanyň jandan ilerde durýan mukaddeslikdigi hem nygtalýar hem dürli durmuşy wakalar bilen düşündirilýär. Aýratynam, halk dilinde ýaşaýan juda jaýdar aýdylan aşakdaky sözlerde has aýdyň görünýär:

Akmuhammet HEMIDOW,
«Diýar».