Arkadagly dünýä belli Aşgabat!

26 Maý 2021
1306

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagt şäherimiz Aşgabat özüniň täze ömrüne gadam basdy. Aşgabat gözümiziň alnynda zamananyň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi.

Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralary bütin dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiziň 140 ýyllygyny toýlaýan agzybir, zähmetsöýer halkymyz milli Liderimiziň tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän ak şäherine tüýs ýürekden guwanýar. Çawy ýedi yklyma dolan bagtyýarlyk zamanamyzda Gahryman Arkadagly, bagtyýar illi, dünýä belli gözel Aşgabat hemmeleriň söýgüli şäherine öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. «Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy bilen tanyşýar. Milli Liderimiziň paýtagtymyza iş saparlary Watanymyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedigine güwä geçýär. Paýtagtymyzyň özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen gurluşyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamynyň, senagat düzümleriniň, täze önümçilikleriň desgalarynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirdi. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşiniň şäheriň ykdysady görkezijilerini, onuň maýa goýum ýagdaýyny we işewürçilik gurşawyny äşgär edendigini bellemek gerek. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapýar.

Aman AŞYROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.