Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň, Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesiliň sowatly, watansöýüji, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan tutumly işleri, oňyn özgertmeleri bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Ozaly bilen halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň saglygy hakyndaky aladalar biziň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Çünki milli Liderimiz: «Biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň iň uly baýlygy onuň merdana, parasatly we zähmetsöýer halkynyň saglygydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Milli Liderimiziň hut özüniň başda durmagynda işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Alym Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda gymmatly gollanmadyr. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralaryň gurluşygynyň barha ýaýbaňlanmagy Berkarar döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň maglumat üpjünçiligi, ony dolandyrmagy kämilleşdirmek, pudagyň statistika gullugynyň işini gowulandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen resminamalaryň elektron dolandyryş usulynyň döredilmegi bu ulgamyň döwrebap ösüşiniň möhüm aýratynlygydyr. Bu bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini, saglyk öýlerini, hassahanalary, şypahanalary elektron ulgamyna birleşdirmäge hem-de ilaty elektron lukmançylyk kartasy bilen üpjün etmäge şert döretdi. «Türkmen Älem 520E» emeli hemranyň äleme uçurylmagy hem-de hereket etmegi telelukmançylyk we hünärmenleri uzak aralykdan okatmada tehnologiýalardan peýdalanmaga, tejribe alyşmaga hem-de uzak aralykdan näsaglara maslahatlary bermegi kämilleşdirmäge örän oňyn täsirini ýetirdi.
Sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýerilmegi sagdyn jemgyýetiň emele gelmegine getirýär. Sagdyn jemgyýet — bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olary umumy milli maksatlaryň daşyna jebisleşdirip, ýurduň durnukly ösüşini we raýat kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Batly gadamlar bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirkizaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, döwrebap atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek ugrundaky irginsiz aladalarynyň netijesidir. Milli Liderimiziň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly: «Sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sporta bolan söýgi — munuň özi durmuşa bolan söýgüdir. Öz-özüňi beden taýdan taplamak, sagdyn ýaşamak türkmen halkynyň umumy dünýä medeniýetinde galdyran nusgalyk milli ýörelgesidir». Sport bilen meşgullanýan adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentliginiň artýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşligine, zähmetde taplanmagyna oňaýly täsir edýändigini nazarda tutanyňda, Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaç alýan sport ýurduna öwrülmeginiň çuňňur many-mazmuny özünde jemleýändigine güwä geçýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetiň işjeňlik ukybyny artdyrýar. Hut şu jähetden soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň barha artýandygy buýsandyryjydyr.