Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle aýdymlaryň biri-de «Aşgabat» aýdymydyr.
«Aşgabat» aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 60 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir. Onuň goşgusyny şahyr Geldi Bäşiýew, sazyny ussat kompozitor Nury Halmämmedow döredipdir.