Döwrüň täze hünäri

29 Ýanwar 2021
2848

Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri ylymdyr. Häzirki döwürde ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu jähtden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş gitmek, döwrüň talabyny ödemek üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak we onuň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilmeklik hem-de dünýä dilleri bolan, iňlis we ýapon dillerinde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň aglaba böleginiň inženerçilik hünärine ýykgyn etmeklerine getirýär we bu hünäre bolan isleg has-da artýar.

Myrat RAHMEDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.