Daglar ýeriň myhydyr

27 Fewral 2021
2215

Allanyň nazary düşen bu jennet mekanyň her bir barlygy kerem-keramata ýugrulan. Bütin durky genji-hazyna beslenen tebigatymyzyň goýnunda näçe diýseň gözellik bar, gudrat bar. Onuň umman ýaly giň gujagyndaky täsinlikler sanap gutarardan aşa çäksiz. Olar aňyrsyna göz ýetmeýän ümmülmez älem mysaly. Zemin üste öz ýyly çoguny bolluk bilen çaýyp duran nurly güneşem, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz parahat gök asmanam, onuň ýüzünde tirkeş-tirkeş bolup göçüp-gonup ýören ak bulutlaram, gündogardan günbatara uzap ýatan belent-belent daglardyr mele derýalaram, yzy üzülmeýän ulgam-ulgam mele çägeli bereketli ymgyr çöllerem waspyny taryplap gutaryp bolmajak giden bir dünýä. Adamlary ýyly mähir bilen gurşaýan gözel tebigatymyzyň bu barlyklarynyň her birinde, gör, niçe syr, niçe hikmet ýatyr.

Behişdi ýurdumyzdaky keramatly barlyklaryň biri-de, ençeme täsinlikleri özünde jemleýän, Zeminiň diregi bolan başy heserli, bili kemerli goja daglardyr. Adamzat döräli bäri bu gudratly daglary penalamadyk, onuň huzuryna baryp dalda tapmadyk, goýnunda mesgen tutmadyk wagty boldumyka? Süýji suwly akar-bulaklary, umgaly-jerenli awlaglary, şir-peleňli jülgeleri, bürgütli kert gaýalary gujagyna alyp, seleňläp oturan seri dumanly belent daglar öz sahawatyny ynsan balasyndan hiç wagt aýan däldir. Gör, niçe ozandyr bagşylar bu haýbatly daglaryň waspyny ýetirip, ençe aýdym-gazallary döredipdirler. Eýsem, ynsan göwni sygyp, hulky söýmedik zadyny wasp edermi?

Halmuhammet HAJYÝEW,
Türkmenbaşy şäheri, bilim işgäri.