Her bir milletiň durmuşyň dürli ugurlarynda ägirt özgerişleri amala aşyrmagy üçin onuň özüne buýsanmagy, guwanmagy gerek. Şeýle buýsanç, guwanç näçe ýokary bolsa, ol halkyň özüne bolan ynamy-da şonça artyk bolýar. Ol ynam milletiň her bir wekilini iňňän ýokary derejä göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dürdäne sözleri biziň geçmişimizde öçmejek yz goýan ussatlara buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmen edebiýatynyň ruhy çyragy hasaplanýan Magtymguly Pyragy we onuň kämil eserleri bolsa diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi.
Magtymgulynyň öwüt-nesihatlary halkymyzyň ruhy hazynalarynda öňe sürlen pikirler bilen ugurdaş, şolaryň döwrebap dowamy bolup ýaňlanýar. Şahyryň öz döredijiliginde gozgan her bir meselesi taryhy terbiýämiziň we milli mirasymyzyň gadymy köklerinden gözbaş alyp gaýdýar.