17-nji maýda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy hökmünde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy hem-de halkara maslahatlar geçirildi.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar.