Türkmenistanda ilkinji gezek «Mango festiwaly» geçirildi

21 Iýul 2024
472

19-njy iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Mango festiwaly» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary hukuk taýdan kadalaşdyryş we utgaşdyryş bölüminiň başlygy, hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mango iň gadymy tropiki miweleriň biri. Bu miwe Hindistanda 8 müň ýyldan gowrak wagt bäri ösdürip ýetişdirilýär we şu güne çenli hindi mangosynyň 1500-e golaý görnüşi beýan edildi. Hindistan üçin mango diňe bir adaty miwe däl-de bengal gaplaňy ýa-da lotos güli ýaly hindi medeniýetiniň bir nyşany bolup durýar.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».